Siriýanyň maglumat ministri Şweýsariýadaky parahatçylyk konferensiýasyna gatnaşýan käbir delegatlarynyň talap edişi ýaly, prezident Başar al-Assad wezipesinden çekilmez diýdi.
Montre şäherinde geçirilýän ýygnagyň dowamynda maglumat beren Omran al-Zohbi “Eger-de siz ‘Al-Kaýda’ hereketini goldamak isleseňiz, dowam ediň” diýdi.
Siriýada üç ýyl bäri dowam edýän konflikte çözgüt tapmak maksady bilen geçirilýän konferensiýada çykyş eden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Jon Kerri Assadyň ýurtdaky geçiş hökümeti bilen häkimiýetde bilelikde saklanyp bilmegine “hiç hili ýoluň ýokdugyny” nygtady.
Şuňa meňzeş garaýyşlar Siriýanyň oppozision Milli Koalisiýasy we Saud Arabystanynyň delegatlary tarapyndan hem bellenilip geçildi.
Bu aralykda Russiýa bolsa Siriýa ýurduň daşyndan aralaşyp, syýasy üýtgeşiklik amala aşyrylmagyna garşy duýduryş berdi.
Bu konferensiýa Siriýada konfliktler başlandan bäri ýurduň oppozision delegatlarynyň we Assadyň režiminiň agzalarynyň ilkinji duşuşygydyr.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!