Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Amerikalynyň goýberilmegine basyş edilýär


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýokary derejeli öňki howpsuzlyk we goranmak resmileri Eýranda tussag edilen amerikaly deňiz harbysynyň azat edilmegi üçin täze arza bilen ýüz tutdular.
Amir Hekmati içalyçylyk aýyplamalary bilen 2011-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Tähranda tussaglykda saklanylýar. Emma Waşington bu aýyplamalary ret edýär.
Resmileriň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ugradan hatynda Hekmatiniň azatlyga goýberilmeginiň çaltlaşdyrylmagy üçin “derhal herekete geçilmegine” çagyryş edilýär.
Gürrüňi edilýän bu hata ABŞ-nyň öňki Goranmak sekretary William S. Kohen, general Peter Pase, milli howpsuzlyk boýunça öňki maslahatçy general James L. Jones, general Joseph W. Ralston dagylar gol goýdular.
Gürrüňi gidýän resmileriň aýtmagyna görä, Günbatar ýurtlary we Eýran ýadro ylalaşygynyň öňe gitmegi üçin tagalla edýärkä, häzirki wagt Hekmatiniň azatlyga goýberilmegi üçin Tährana basyş etmäge gowy pursat diýýär.
XS
SM
MD
LG