Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Polisiýa $13 müň tölär


Gazagystanyň demirgazygyndaky Kostanaý sebitiniň sudy 2007-nji ýylda polisiýa tarapyndan gynamalara sezewar edilen adama kompensasiýa tölemek bardaky hökümini güýçde saklamak hakynda karar çykardy.
Gurluşyk işgäri Aleksandr Gerasimow polisiýa tarapyndan ýenjilenden we bogmak üçin onuň ýüzüne polietilen paketi bilen basyş edilenden soň, hemişelik saglyk we psihiki näsazlyklardan ejir çekýändigini aýdýar.
Noýabr aýynda ýurduň sudy Gerasimowyň çekýän jepasy üçin ýerli polisiýa resmileriniň 2 million gazak tengesini, ýagny 13 müň amerikan dollary möçberinde pul tölemelidigi barada karar çykarypdy.
Polisiýa suduň çykaran bu kararyny şikaýat edipdi, ýöne penşenbe günki kararyň netijesinde olaryň bu şikaýaty güýçden gaçdy.
XS
SM
MD
LG