Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz serhedinde çaknyşyk boldy


Gijäň ýary Gyrgyzystanyň serhet gümrükçileri bilen ýaragly nämälim adamlaryň arasynda bolan ok atyşykda azyndan iki sany ýaragly adam öldi.
Gyrgyzystanyň serhet gullugynyň metbugat wekili Gülmira Borbaýewanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, azyndan sekiz hüjümçi bir gyrgyz tokaý sakçysyny öldüripdir we gyrgyz serhet garawullaryna ot açypdyr.
Borbaýewanyň sözlerine görä, ýaragly adamlaryň gyrgyz-hytaý araçägini geçen bolmagy ähtimal.
Häzirki wagtda ýaragly adamlaryň daş-töweregi gyrgyz serhet gullukçylary tarapyndan gurşap alyndy.
Gyrgyzystanyň premýer-ministri Jantoro Satybaldiýew gürrüňi gidýän wakanyň bolýan ýerine, ýagny ýurduň demirgazygyndaky Yssyk-Köl welaýatyna bardy.
XS
SM
MD
LG