Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Oppozisiýa prezidente ultimatum berdi


Ukrainanyň oppozision liderleri ýurduň prezidenti saýlawlaryň wagtyndan öň geçirilmegi üçin çagyryş edýänçä, hökümete garşy protestçileriň “hüjüme geçjekdigini” aýdyp, haýbat atdylar.
Başga-da üç sany esasy oppozision lider öz goldawçylaryna prezident Wiktor Ýanukowiçe berlen 24 sagatlyk ultimatum, ýagny soňky duýduryş tamamlanýança, ýowuzlyklardan saklanmaga çagyryş etdi. Gürrüňi edilýän 24 sagatlyk ultimatumyň wagty penşenbe güni giçlik tamamlanýar.
Oppozision liderler Witaliý Kliçko, Arseniý Ýatsenýuk we Oleg Týagnibok çarşenbe güni Ýanukowiç bilen geçirilen gepleşiklerde netije çykarmaklyk başa barmansoň, gürrüňi edilýän ultimatumy öňe sürüpdirler.
Çarşenbe günki ýowuzlyklarda azyndan üç sany aktiwist öldürilipdi. Bu mundan iki aý ozal Ukrainada hökümete garşy protestler başlany bäri, ýowuzlyklardaky ilkinji adam ýitgileridi.
Ýurduň Içeri işler ministrligi ýowuzlyklarda 75 sany adamyň tussag edilendigini habar berýärkä, maglumatlarda 300 töwereginiň hem ýaralanandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG