Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň azatlygyna pes baha berildi


"Freedom House" guramasynyň azatlygyň kartasy, 2014
"Freedom House" guramasynyň azatlygyň kartasy, 2014
Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Freedom House” guramasynyň dünýä ýurtlarynyň azatlyk derejesi barada çap eden ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň dünýä ýüzünde iň azat däl ýurtlaryň biri bolup galýandygy aýdylýar. Hasabatda 2013-nji ýylyň dowamynda dünýäniň 195 ýurdunda syýasy we raýat hukuklarynyň berjaý edilişine baha berildi.

“Freedom House” guramasynyň ýyllyk hasabatynda Türkmenistan “erbedinden erbedi” diýlen 48 sany ýurdy öz içine alýan sanawa girizilip, olaryň arasynda-da iň ýaramaz baha berlip, aýratyn bir topara bölünen 10 sany ýurduň arasyna düşdi. Netijede Türkmenistan azatlyk derejesi boýunça Ekwatorial Gwineýa, Eritreýa, Demirgazyk Koreýa, Merkezi Afrika Respublikasy, Somali, Sudan, Siriýa, Saud Arabystany we Özbegistan ýaly "ýakasy gaýyşly" ýurtlaryň hatarynda özüne orun tapdy.

Guramanyň çagyryşy

“Freedom House” guramasynyň barlaglar boýunça wise-prezidenti Arç Puddington Günbatary Merkezi Aziýada ykdysady ýa strategik bähbitlere kowalaşmakdan el çekip, demokratik standartlaryň gowulanmagy üçin bu ýurtlara has berk basyş etmäge çagyrdy.

Arç Puddington öz pikirini şeýle beýan etdi: “Özbegistana, Türkmenistana, Gazagystana hem Täjigistan örän pes baha berildi. Merkezi Aziýanyň mysalynda energiýa baýlygy we strategik ähmiýeti bar bolan ýurtlar babatynda bir standartyň, beýlekiler üçin başga standartyň ulanylýandygyny görmek mümkin. Dünýä boýunça iň repressiw režimleriň ençemesi Merkezi Aziýada ýerleşýär, emma bu režimlere ABŞ ýa-da Ýewropa Bileleşigi tarapyndan entek üns berilmeýär”.

“Freedom House” guramasynyň hasabatynda Türkmenistanda hem syýasy hem-de raýat azatlyklarynyň berk çäklendirilýändigi aýdylýar.

Umumy tendensiýa

Şol bir wagtda-da, 41 ýylyň dowamynda dünýä ýurtlarynyň azatlyk derejesi barada ýylda taýýarlanýan bu hasabata görä, soňky sekiz ýylyň dowamynda dünýäde azatlygyň umumy derejesinde yza gaýdyş emele gelip, bu hasabatyň taryhynda yza tesilen iň uly döwür bolupdyr. Hasabatda ýurtlar azat, belli bir derejede azat we azat bolmadyk, diýlen toparlara bölünýär.

2013-nji ýylda demokratik azatlyklary ozalkysyndan has çäklendiren ýurtlaryň arasynda Orsýet, Ukraina, Azerbaýjan, Türkiýe, Wenesuela we Indoneziýa agzalýar.

“Freedom Hosue” guramasynyň ýyllyk hasabatyna görä, geçen ýylda käbir öňegidişlikler hem bolupdyr, raýat azatlyklarynyň berjaý edilişinde Tunisde öňegidişlik gazanylypdyr, saýlaw demokratiýasy diýen statusly ýurtlara ýene dört ýurt goşulyp, olaryň sany 122-ä ýetipdir.

2013-nji ýylda Pakistan bu ugurdan öňegidişlik gazanypdyr. Şol bir wagtda-da hasabatda Owganystanda demokratik standartlaryň pese gaçandygy bellenilýär.
XS
SM
MD
LG