Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Baýlar" we "garyplar" ýurt üçin töwekgellikmi?


Oba durmuşyndan bir görnüş
Oba durmuşyndan bir görnüş
Türkmenistanda sosializmden bazar gatnaşyklaryna geçilmegi bilen ilatyň arasynda «baýlar» we «garyplar», «baý oba» ýa «haram oba» diýen ýaly ozal kän eşidilmeýän aňlatmalar ulanylyp başlandy.

Dünýä Ykdysadyýet forumynyň «Global töwekgellikler - 2014» atly hasabatynda dünýäniň şu ýyl ýüzbe-ýüz boljak iň uly töwekgelliginiň girdejileriň arasyndaky deňsizlik bilen bagly boljagy, ýagny gurply adamlar bilen o diýen gurply bolmadyk maşgalalalaryň aratapawudynyň ulalýandygy aýdylýar.

Eýsem bu ýagdaý Türkmenistanda nähili we ýerli synçylar onuň sebäplerini nähili düşündirýärler?

Bu baradaky söhbete ýerli synçylar, aşgabatly syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow, şahyr we publisist Amanmyrat Bugaýew, Türkiýede ýaşaýan türkmen biznesmeni Akmuhammet Baýhanow gatnaşýar. Söhbetdeşligi Pragdaky studiýadan Ýowşan Annagurban alyp barýar.

Söhbeti diňläp, ylalaşýan ýa ylalaşmaýan zatlaryňyzy aýtsaňyz, gozgalan mesele boýunça öz görýän çözgüdiňizi paýlaşsaňyz, beýleki ýurtlardaky tejribeler barada ýazsaňyz, hoşal bolarys.

XS
SM
MD
LG