Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telekeçilere $100 million goýberilýär


Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň çykarýan "Rysgal" gazeti
Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň çykarýan "Rysgal" gazeti
Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak üçin 100 million dollardan gowrak serişde goýberilýär.

Prezident G.Berdimuhamedow bu baradaky karara anna güni geçiren hökümet maslahatynda gol çekdi. Kararda aýdylmagyna görä, Durnuklaşdyryş gaznasyndan Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna geçirilýän 300 million manat «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna göterimsiz, on ýyl möhlet bilen karz berler.

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna, Türkmenistanyň Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, azyk we senagat önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek baradaky taslamalary maliýeleşdirmek üçin, bu serişdäni ýylda bir göterimden ýokary bolmadyk şertde karz bermäge ygtyýar berilýär.

300 million manat möçberindäki serişdäniň bäsleşige ukyply bazar ykdysadyýetini emele getirmek, oba hojalygyny we senagaty ösdürmek, täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen goýberilýändigi aýdylýar.

Türkmenistanda mundan öňem şeýle kararlar kabul edilipdi, emma şol bir wagtda kiçi we orta telekeçileriň döwlet tarapyndan döredilýän karz pul mümkinçiliklerinden peýdalanmagynda bir topar kynçylygyň bardygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu kynçylyklar barada ýerli synçy we ozalky biznesmen Nurberdi Nurmmämedow bilen söhbetdeş boldy.

Bu söhbeti diňläp, türkmen banklaryndan telekeçilik üçin karz pul almakda duş gelýän kynçylyklar, emeli päsgelçilikler barada pikirleriňizi, bilýän zatlaryňyzy ýazsaňyz, hoşal bolarys.

XS
SM
MD
LG