Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde dartgynlylyk dowam edýär


Ukrain resmileri ýene bir protestçiniň ölendigini tassyk etdiler. Kiýewiň saglyk resmileri ol adamyň şenbe güni, şu hepdäniň başynda bolan çaknyşyklarda düşen ýarasyndan ölendigini aýtdylar.

Gije Kiýewdäki barrikadalaryň töwereginde bolan üzlem-saplam çaknyşyklardan soň, hökümete garşy protestçiler we polisiýa şindi hem dartgynly gapma-garşylykda dur.

Protestçiler Energiýa ministrliginiň jaýyny eýelediler, emma az salymdan ol ýeri terk etdiler. Polisiýa protestçileri iki sany polisiýa ofiserini şäher häkimliginiň basylyp alnan jaýynda ýesirlikde saklamakda aýyplady. Protestçiler bu aýyplamanny ret etdiler.

Prezident Wiktor Ýanukowiç şenbe güni esasy oppozisiýa liderleri bilen ýene bir tapgyr gepleşik geçirmek üçin duşuşdy.

Içeri işler ministri Witaliý Zaharçenko şenbe güni krizisi parahatçylyk bilen soňlamagyň müşgül görünýändigini aýtdy. Zaharçenko oppozisiýanyň esasy akymyny radikallary jylawlap bilmezdikde aýyplady we protestçileriň merkezi Kiýewdäki ştablarynda ýaragly gezýändiklerini öňe sürdi.

Ýewropa Bileleşiginiň giňeliş komissari Stefan Fuele Kiýewde araçylyk çözgüdini tapmaga synanýar we ol hökümeti zorluk we gorkuzmak taktikalaryny bes etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG