Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: hökümet oppozisiýa bilen duşuşdy


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetiniň wekilleri we oppozisiýa Ženewada gysga duşuşyk geçirdiler. Şenbe günündäki gepleşiklere halkara araçysy Lakdar Brahimi beýemçilik edýär.

Bu 100 müňden gowrak adamyň başyna ýeten raýat çaknyşyklary başlaly bäri Siriýanyň hökümet wekilleri bilen oppozisiýa agzalarynyň arasynda geçirilen ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşykdyr.

Diplomatlar bu ýerden netije çykjagyna bil baglamaýarlar. Brahimi öz maksadynyň, berk syýasy gepleşiklerden öň, atyşygy bes etmek, tussaglary goýbermek, halkara kömekleriniň eltilmegine ýol açmak ýaly praktiki ädimleriň ädilmegini gazanmakdan ybaratdygyny aýtdy.

Brahimi çarşenbe, penşenbe we anna günleri geçen deslapky gepleşiklerde iki tarapy hem ýüzbe-ýüz duşuşmaga yrmaga synandy.

Hökümet delegasiýasy anna güni, eger şenbede çynlakaý maslahat geçirmek planlaşdyrylmasa, özüniň gepleşiklerden çekiljegini aýdyp, haýbat atdy.
XS
SM
MD
LG