Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Oppozisiýa göreşi dowam etdirýär


Protestçiler Kiýewde bir bina zabt edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:39 0:00

Protestçiler Kiýewde bir bina zabt edýär

Ukrainanyň oppozisiýa liderleri, prezident Wiktor Ýanukowiç ýaýrap barýan krizisi haýallatmak üçin iki sany uly wezipäni teklip edeninden biraz soň, öz göreşlerini dowam etdirmegi wada berdiler.

Şenbe güni Kiýewde goldawçylaryna ýüzlenip çykyş eden Witaliý Kliçko oppozisiýanyň çalt prezident saýlawlaryny geçirmek we konstitutsiýa üýtgetme girizmek baradaky çagyryşlaryny gatýtalady.

Kliçko Ýanukowiçiň oppozisiýanyň bir topar talaby bilen ylalaşandygyny, şol sanda tussaglary boşatmaga, konstitusiýa golaýda girizilen özgertmeleri ýatyrmaga razy bolandygyny aýtdy.

"Biz yza çekilmeýäris"

"Biziň bu kanunlary togtatmak baradaky pozisiýamyz aýdyň. Olary doly duruzmaly. Biziň talaplarymyz şular: şu ýylyň özünde prezident saýlawlaryny geçirmeli, biz yza çekilmeýäris. Biz Maýdanda we regionlarda öz pozisiýalarymyzy saklap durus."

Arseniý Ýatsenýuk oppozisiýanyň jogapkärçiligi öz üstüne almaga taýýar bolandygyny aýtdy, emma Ukrainada häkimiýeti halkyň kesgitlemelidigini hem sözüne goşdy.

Biraz öň Ýanukowiç, Kiýewden ýurduň beýleki böleklerine hem ýaýrap barýan protestleri haýallatmak üçin, Ýatsenýuga premýer-ministriň, Kliçko bolsa premýer-ministriň gumanitar meseleler boýunça orunbasarynyň wezipesini teklip etdi.

Ýanukowiç golaýda prezidente has kän ygtyýarlyk beren konstitusiýa üýtgetme girizmek barada hem pikirlenmäge razy boldy.

Ýatsenýuk biraz soň guralan metbugat ýygnagynda «biz teklip etmek ýa edilen teklibi kabul etmek bilen meşgul bolmaýarys, biz üç oppozisiýa güýjüniň arasynda çynlakaý maslahat geçirýäris» diýdi.

ÝB bilen şertnama gol çekilmeli

Şeýle-de ol oppozisiýanyň hökümetden Ýewropa Bileleşigi bilen azat söwda şertnamasyna gol çekmegi, syýasy tussaglary, şol sanda ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkony azat etmegi talap etjegini aýtdy.

Oppozisiýa liderleri çykyş edeninden bir sagat çemesi soň demonstrasiýaçylar Garaşsyzlyk meýdançasynyň 100 metr çemesi golaýyndaky bina hüjüm edip başladylar. Ol ýerde polisiýa güýçleri ýerleşdirilipdi.

AP habar gullugynyň maglumatyna görä, Ukraina öýüne edilen hüjüm ol ýere 200 çemesi polisiýa ofiseriniň girip barýandygy görlenden we olar demonstrasiýany dargatjakmyş diýen gürrüňlerden soň başlandy.

Protestçiler gije bu binanyň basgançaklarynda koridor döredip, jaýyň içindäki howpsuzlyk esgerleriniň çykyp gitmegine ýol açdylar.

Protestçiler öten agşam eýelän binalaryny arassalaýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:48 0:00

Güýç ulanmak kabul ederliksiz

Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Herman Wan Rompou 25-nji ýanwarda Warşawa eden sapary mahalynda ukrain häkimiýetleriniň demonstrasiýaçylara garşy güýç ulanmagyny we gazaplylygyny ýazgaryp çykyş etdi.

Paýtagtda gozgalaň başlaly bäri geçen alty günde dört adamyň öldürilendigi tassyk edildi.

Şu arada, şenbe güni, Ukrainanyň iň baý adamy, Ýanukowiçiň esasy goldawçysy Rinat Ahmetow güýç ulanmagyň kabul ederlik däldigini aýtdy.

Protestçiler şenbe güni Kiýewiň günorta-günbataryndaky Winnutsiýa şäherinde regional adminstrasiýanyň ofislerini eýelediler.

Lwowda bolsa, regional deputatlar şenbe güni parallel hökümet döretmeklige ses berdiler.
XS
SM
MD
LG