Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sinjiaňda 12 adam öldürildi


Hytaý polisiýasy şenbe güni Sinjiaň welaýatynda bolan terror hüjümi mahalynda 6 adamy atyp öldürendiklerini, ýene 6 adamyň bolsa alyp gelýän partlaýjylary ýarylanda ölendigini aýtdy.

Sinhua habar gullugy Sinhe etrabynda polisiýanyň üstüne partlaýjylary zyňýan adamlar tarapyndan hüjüm edilendigini aýtdy.

Atylyp öldürilen 6 adamdan başga ýene 5 adamyň tussag edilendigi aýdylýar. Hadysada bir polisiýa ofiseriniň ýaralanandygy aýdylýar.

Esasan etnik uýgurlardan durýan musulman ilatly Sinjiaňda, zorlukly hadysalar netijesinde, soňky dokuz aýda 100-den gowrak adam öldürildi.

Sinjiaňyň paýtagty Urumçiniň polisiýasy şenbe güni meşhur uýgur ykdysatçy professory Ilham Tohtiniň Pekinde derňew astyndadygyny aýtdy, ol Sinjiaňyň garaşsyzlygyny wagyz etmekde we separatist toparlar bilen işleşmekde güman edilýär.
XS
SM
MD
LG