Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Kiýewe çagyryş edýär


Human Rights Watch ukrain häkimiýetlerini 23-nji ýanwarda ýitirim bolan aktiwisti tapmaga çagyrýar.

Hukuk topary şenbe güni ýaýradan beýanatynda Dmitriý Bulatowyň ömri we howpsuzlygy üçin çynlakaý alada galandygyny aýtdy. Bulotow «AutoMaidan» mobil protestleriniň liderleriniň biridir.

HRW Bulatowyň 23-nji ýanwarda, ýerli wagt bilen sagat 19:00-da öz aýalyna mitinge barýandygyny aýdandygyny habar berýär. Şondan soň Bulatowdan habar-hatyr ýok. Dostlary we garyndaşlary onuň mobil telefonynyň işlemesini kesendigini, maşynynyň bolsa typylmaýandygyny aýdýarlar.

HRW «AutoMaidanyň» aktiwistine salgylanyp, Bulatowyň birnäçe hepde bäri haýbatly SMS messažlaryny alandygyny ýazýar.

HRW 21-nji ýanwarda alnyp gaçylan ýene iki tanymal protest aktiwistini ýatlaýar. Alyp gaçanlar Ihor Lutsenkony boşatdylar we ol hassahanada ýaralaryny bejertmeli boldy, Ýuriý Werbitskiniň jesedeninde bolsa, tapylanda gynag yzlary bar eken.
XS
SM
MD
LG