Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çakyr kärhanalaryna näme garaşýar?


Türkmen içgileri
Türkmen içgileri
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda, bir tarapdan, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek meselesini gozgady, ikinji tarapdan bolsa, «dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň garamagynda şol bir önümleri öndürýän kärhanalar köp» diýdi.

Prezident bu sözüni delillendirmek üçin çakyr kärhanlarynyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde-de, Azyk senagat döwlet birleşiginiň garamagynda hem bardygyny aýtdy.

«Umuman, ýurdumyzda çakyr öndürýän şunça kärhananyň zerurlygy barmy?» diýip, prezident Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň maslahatyna gatnaşýanlara sorag bilen ýüzlendi we bu meseläniň anyk öwrenilmelidigini belledi.

Türkmen içgileri
Türkmen içgileri
Eýsem, bu mesele nähili öwreniler? Döwlet baştutanynyň «bize şunça çakyr kärhanasynyň zerurlugy barmy?» diýen soragyndan soň, «olar bize dogrudanam zerur» diýip biljek tapylarmy ýa-da ýurtdaky çakyr kärhanlaryna azaldylmak howpy garaşýarmy?

Aslynda, bu meselede haýsy çelgiden ýa nähili pikirlerden ugur almaly?

Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu barada ýerli aktiwist, Aşgabat töweregindäki çakyr öndürijileriň kynçylyklaryndan habarly, üzümçilikden gowy baş çykarýan synçy Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG