Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: 78 ýaşly aktiwist boşadyldy


Prezident Yslam Karimowy berk tankyt etmegi bilen tanymal garry özbek aktiwisti sekiz ýarym ýyl türme tussaglygyndan soň boşadyldy.

Özbegistanyň Horezm welaýatyndan 78 ýaşly Isok Abdullaew 2005-nji ýylda salgytdan gaçmak, hilegärlik we adam ogurlamak ýaly aýyplamalaryň esasynda 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Abdullaewiň garyndaşlary onuň tussaglygynyň syýasy sebäpler bilen baglydygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, Abdyllayew Özbegistanyň konstitusiýasynyň 21-nji ýyl dönümi mynasybetli geçirilen amnistiýada ýekşenbe güni türmeden boşadylypdyr.

Günä geçişde ýaşy 60-dan geçen tussaglaryň boşadylandygy aýdyldy. Ýaşy 60-dan geçen azyndan ýedi sany tanymal tussag henizem Özbegistanyň türmelerinde galýar.
XS
SM
MD
LG