Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Hökümet baştutany wezipesinden çekildi


Ukrainanyň premýer-ministri Mykola Azarow wezipesinden çekildi. Azarow öz kararyny “konflikti parahatçylykly çözmek boýunça syýasy barlyşyk üçin goşmaça mümkinçilik döretmek maksady bilen düşündirdi.

Oppozision lider Witali Kliçko Azarowyň wezipesinden çekilmeginiň “ýeňişe tarap diňe bir ädimdigini” aýtdy. Kliçko Ukrainada şu günki gün dowam edýän ýagdaýlary “ukypsyz” syýasatyň netijesi, diýip atlandyrdy.

Prezident Wiktor Ýanukowiç dynç günlerde premýer-ministr wezipesini Arseniý Ýatsenýuka hödürläpdi. Emma Ýatsenýuk bu teklipden ýüz öwürdi.

Sişenbe günki parlament maslahatynyň öňüsyrasynda Ýanukowiç oppozisiýanyň üç lideri, şol sanda Ýatsenýuk bilen duşuşyk geçirdi. Ýanukowiç eger protestçiler köçelerden çekilse hökümete garşy çykyşlaryň dowamynda tussag edilenleri boşatmagy wada berdi.
XS
SM
MD
LG