Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Udaltsowyň sudy ücin gün bellendi


Orsýetde hökümete garşy durnuksyzlygy gurnamakda aýyplanýan iki oppozision wekiliniň sud diňlenişigi üçin gün kesgitlendi.

“Çepçi front” atly hereketiň koordinatory Sergeý Udalsowyň aklawçysy Wioletta Wolkowanyň sişenbe güni aýtmagyna görä, Udaltsowyň we onuň ýarany bolmakda güman edilýän Leonid Razwožaýewiň işi boýunça diňlenişik 4-nji fewralda Moskwanyň şäher sudunda ýapyk gapylaryň aňrysynda geçiriler.

Orsýetli bu iki oppozisioner Orsýetiň regionlarynda köpçülikleýin protestleri gurnamakda we 2012-nji ýylyň maý aýynda Moskwanyň Bolotnaýa meýdançasynda Putine garşy ýörişi geçirmekde aýyplanýarlar. Moskwada bolan şol ýöriş zorlukly waka öwrülipdi, protesçilerden we polisiýadan ençeme adam ýaralanypdy. Razwožaýew serhetden bikanun geçmekde hem aýyplanýar.

Bu iki adam özlerine ýöňkelýän aýyplamalary ret etdiler. Olaryň işine 26-njy dekabrda garalmalydy emma sud geçen aýda bu işi Baş prokuratura gaýtaryp, aýyplamalaryň kesgitli däldigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG