Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Protestlere garşy kanun ýatyryldy


Ukrain parlamentiniň sişenbe güni geçiren ýörite maslahatynda deputatlar ýurtda protestleri çäklendirýän kanuny ýatyrmagy goldap ses berdiler. Kanunyň ýatyrylmagyny 412-den 361 deputat goldady.

Bu kanun hökümete garşy çykyş edýän protestçileriň we polisiýanyň ýöriteleşdirilen bölümleriniň arasynda zorlukly çaknyşyklary güýçlendiripdi.

Prezident Wiktor Ýanukowiç sişenbe günki parlament maslahatynyň öňüsyrasynda oppozisiýanyň üç lideri bilen geçiren duşuşygyndan soň kanuny ýatyrmaga razylyk bildirdi. Protestleri çäklendirýän kanun ukrain parlamentinde 16-njy ýanwarda kabul edilipdi.

Ukrainanyň Adalat ministri Olena Lukaş parlamentde dartgynlylyklar üçin hökümetiň jogapkärçiliginiň hem maslahat ediljekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG