Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amnesty International: Geldi Kärizowa basyş edilýär


"Amnesty international" guramasynyň ýazgysy
"Amnesty international" guramasynyň ýazgysy
Adam hukuklary boýunça halkara gurama - Amnesty International, “Türkmen atlary” kärhanasynyň ozalky müdiri Geldi Kärizowyň we onuň maşgala agzalarynyň Türkmenistanyň Howpsuzlyk ministrligi tarapyndan yzarlanýandygyny hem-de oňa basyş edilýändigini habar berýär.

Bu Halkara guramasynyň 28-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda saglyk problemalaryndan ejir çekýän öňki tussag Geldi Kärizowa öz saglygyny bejertmek üçin daşary ýurda çykmaga türkmen häkimiýetleriniň rugsat bermeýändigi aýdylýar.

Beýanatda 22-nji ýanwar güni Geldi Kärizow aýaly, 12 ýaşly gyzy we gelnejesi bilen öz saglygyny barlatmak üçin keselhana barýarka, olary Milli howpsuzlyk gullugyna degişli 10 sany ulagyň ýol boýy yzarlandygy, soňra-da maşgalany saklap, olaryň daşyny gabandygy aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň Kärizowyň gelnejesiniň elini arkasyna gaňryp, ony ýere ýatyrandyklary soňra-da bütin maşgalanyň polisiýa bölümine alnyp gidilendigi habar berilýär.

Medisina kömegi

Polisiýa bölüminde Kärizowyň gelnejesiniň saglygy ýaramazlaşýar. Emma oňa medisina kömegini bermäge gelen ”Tiz kömegiň” lukmanlary, tä kärizowlaryň maşgala agzalary Howpsuzlyk gullugynyň üstünden şikaýat etmejekdiklerini ýazmaça tassyklap, oňa gol çekýänçäler, içeri goýberilmändir diýip, Halkara günä geçiş guramasynyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Beýanatda Geldi Kärizowyň saglyk ýagdaýynyň örän ýaramazdygy we daşary ýurtda degişli saglyk bejergisini almasa, has erbetleşmek ähtimallygynyň bardygy nygtalýar.
Ýaýradylan bu beýanatda şuňa meňzeş ýagdaýlarda, umuman, türkmen raýatlarynyň saglygyny bejertmek üçin daşary ýurtlara gidip bilýändikleri, ýöne Kärizowyň adynyň “gara sanawda” bolany üçin oňa rugsat berilmeýändigi nygtalýar.

Geldi Kärizow 2002-nji ýylyň aprel aýynda “öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalandy” diýlip, türme tussaglygyna höküm edilipdi. 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda amala aşyrylan köpçülikleýin günä geçişlikde onuň hem günäsi geçildi we azatlyga goýberildi.

Ýöne onuň şondan bäri Howpsuzlyk gulluklarynyň gözegçiliginde saklanylýandygy we wagtal-wagtal gorkuzylýandygy aýdylýar.
Türkmen häkimiýetleri agzalýan hadysa bilen baglanyşykly hiç hili resmi maglumat bermediler.
XS
SM
MD
LG