Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent: Fotograf ýitirim boldy


Özbegistanly meşhur fotograf zenanyň we onuň oglunyň Daşkentiň polisiýasy tarapyndan tussag edilen bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar.

Fotograf Umida Ahmedowanyň adamsy Oleg Karpow öz aýalynyň we Orsýetiň lenta.ru onlaýn agentligi bilen işleşýän ogly Timur Karpowyň çarşenbe güni ýitirim bolandygyny aýtdy.

Daşkentiň polisiýasy bu iki adamy tussag edendigini boýun aldy, emma olary sorag edip tiz boşadandygyny habar berdi. Polisiýa olary saklamagynyň sebäplerini düşündirmedi.

Karpow öz maşgalasynyň niredediginiň henizem belli däldigini belleýär we olar türmede saklanýar, diýip hasap edýändigini aýdýar. Karpow öz maşgalasynyň tussag edilen bolmagynyň sebäplerini olaryň duşenbe güni Daşkentde Ukrainanyň ilçihanasynyň öňünde geçirilen aksiýa gatnaşmagy bilen baglanyşdyrýar. Aksiýanyň gatnaşyjylary Kiýewde hökümete garşy protestçilere zor görkezilmegine protest bildirdiler.
XS
SM
MD
LG