Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain aktiwisti gynalandygyny aýdýar


Bir hepde ozal ýitirim bolan ukrain aktiwisti Kiýewiň golaýyndaky bir obadan tapyldy. Ol rus aksentinde gepleýän nätanyş adamlar tarapyndan alnyp gaçylandygyny we gynalandygyny aýdýar.

«Awtomaýdan» protest toparynyň sözçüsi Dimitriý Bulatow 23-nji ýanwarda ýitipdi. Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugy Bulotowyň penşenbe güni agşam, ýaralaryny bejertmek üçin, hassahana ýerleşdirilendigini habar berdi.

Oppozisiýa şahslary, Bulatowyň öz aýdan zatlaryna salgylanyp, onuň haja çüýlenjek ýaly asylandygyny we ahyrynda boşadylyp, maşynly oba daşynda taşlanandygyny aýtdylar.

Bulatow şondan soň oba baryp, Kiýewdäki dostlaryna telefon edendigini gürrüň beripdir.
XS
SM
MD
LG