Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan täjik resmisine garşy çykýar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň RIA Nowosti habar gullugy tarapyndan, Täjigistanyň demrýol edarasynyň başlygy Amanulla Hukumatulla salgylanylyp ýaýradylan habar barada beýanat ýaýratdy.

Bu beýanat Turkmenistan.ru internet saýtynda çap edildi.

RIA Nowosti Duşenbäniň Kabul bilen Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan arasynda çekilmeli demir ýoluň owgan bölegi boýunça täžik tarapynyň teklip eden ugry barada ylalaşyk gazanylandygyny habar beripdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi täjik resmisiniň aýdan sözlerine örän alada bildirýändigini we oňa düşünmeýändigini aýdýar.

Resmi Aşgabadyň beýanatynda köptaraply proektleriň, halkara kada-kanunçylygy esasynda, olara gatnaşýan taraplaryň ählisiniň özara hormat-sylagy we deňhukukly gatnaşyklary esasynda ylalaşylýandygy bellenýär.

Şeýle-de onda Täjigistanyň döwlet resmisiniň bu mesledäki beýanatynyň Türkmenistan üçin kabul ederliksizdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG