Türkmen döwlet habarlary indi ilatyň mugt goýberilýän gazyň möçberinden artyk ulanan ýangyjy üçin has köp pul tölemeli boljagyny habar berýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ilata mugt goýberilýän gazyň möçberinden artyk sarp edilen ýangyjyň bahasyny ýokarlandyrmak baradaky karara gol çekdi.
Prezidentiň kararyna görä, 2014-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, mugt goýberilýän möçberinden artyk ulanylan gazyň her müň kub metri üçin, goşmaça gymmata salynýan salgydy nazara almak bilen, 20 manat ($7) möçberinde töleg edilmeli.
Bu çäräniň gazyň bisarpa ulanylmagynyň öňüni alnak maksady bilen görülýändigi aýdylýar.
Eýsem ol ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesine, bazarlardaky önümleriň bahasyna nähili täsir ýetirer?
Azatlyk Radiosynadan Ýowşan Annagurban bu soragy ýerli synçy Nurberdi Nurmämmede berdi.