Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä saglyk guramasy: Rak ýaýbaňlanýar


Dünýä saglyk guramasy global derejede rak keseliniň “aladaly derejede” ýaýbaňlanýandygyny duýdurýar. Guramanyň aýtmagyna görä, hökümetler ilatyň saglygyny saklamak boýunça sanjymlary we beýleki çäreleri ulanmak ugrunda tagallalary artdyrmaly, sebäbi keseliň bejerilmeginiň özi onuň ýaýramagynyň öňüni alyp bilmeýär.

Ýakynda geçirilen barlaglarda rak keseli bilen täze kesellän adamlaryň sany 2012-nji ýylda 14 million, diýlip kesgitlenipdir. Bu sanyň ýene artmagynyň ähtimaldygy aýdylýar.

Dünýä saglyk guramasy rak keseliniň Afrika, Aziýa, Merkezi we Günorta Aziýa regionlarynyň ösýän ýurtlarynda has batly depginde ýaýbaňlanýandygyny aýdýar. Dünýä saglyk guramasynyň bellemegine görä, rak keseliniň ýaýbaňlanmagy baý ýurtlara-da täsir ýetirýär.

Gurama 2010-njy ýylda rak keseli bilen bagly çykdajylaryň 1.16 trillion dollara durandygyny belleýär we semizlige hem çilimkeşlige garşy göreşi rak keseliniň öňüni almak üçin iň netijeli çäreleriň arasynda agzaýar.
XS
SM
MD
LG