Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soçi: “Lewada” pikir soraýşy geçirdi


Orsýetiň köpçüligiň pikirini öwrenýän garaşsyz “Lewada” merkeziniň soňky barlaglary orsyýetlileriň Siçide boljak gyşky olimpiýa oýunlary bilen bagly korrupsiýadan nägiledigini, şeýle-de Orsýetiň sportçylary medal gazanyp bilmeseler halamajagyny görkezdi.

Lewada merkeziniň müdiri Lew Gudkowyň çarşenbe güni bu barlaglaryň netijelerini köpçülige hödürlemekden öň AÝ/AR-nyň Ors gullugyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, pikir soraýşa gatnaşanlaryň 47%-ti olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin çakdanaşa köp puluň sarp edilendigine, sebäbi puluň uly böleginiň maksada laýyk sarp edilmändigine ýa-da ogurlanandygyna ynanýar.

Öz pikrini mälim edenleriň 17%-ti Putin bu oýunlary geçirmek arkaly öz abraýyny galdyrmak isleýär, diýip pikir edýärler. Respondentleriň köpüsi orsýetli sportçylaryň üstünlikli çykyş etmegi Orsýetiň halkara derejesinde abraýyny göterer, diýip pikir edýärler.

Lewada merkezinegörä, orsýetlileriň köpüsi şeýle uly çykdajyly çäreleriň ýurtda geljekde bolmagyny islemeýärler. Orsýet 2018-nji ýylda Dünýä çempionatyny geçirer.
XS
SM
MD
LG