Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Nugedi obasynda XIX-njy asyra degişli özboluşly metjit bar. Agaç çarçuwaly bilen gurlan we agajy oýup bezelen metjit ýurtda taryhy ýadygärlik hökmünde hasaba alnan. Ýöne metjidiň statusynyň goralýandygyna garamazdan, ol ýuwaş-ýuwaşdan weýran bolýar we ony gaýtadan dikeltmek üçin bu ýerde ýaşaýan ilatyň serişdesi ýok. Fotosergidäki suratlar AÝ/AR-nyň Azerbaýjan gullugynyň işgäri Abbas Atilaý tarapyndan taýýarlandy.
Azerbaýjanyň bejeriş işlerine mätäç metjidi

1
Azerbaýjanyň Guba sebitindäki Nugedi obasynda kerpiçden ýasalan minara agaç çarçuwaly bilen gurlan metjidiň öňünde ýerleşýär.

2
Metjit düýpli bejeriş işleriniň geçirilmegine zerurlyk duýýar. Ýöne muňa garamazdan, ýerli musulmanlar yzygiderli oňa barmaga dowam edýärler.

3
Metjit taryhy ýadygärlik hökmünde ýurtda hasaba alnan. Ýerli ýaşaýjylar metjidiň soňky ýagdaýy barada ýurduň resmilerine habar berendiklerini, ýöne olardan hiç hili kömegiň gelmändigini aýdýarlar.

4