Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Soçä barýar


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Soçidäki olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşýar.

Berdimuhamedowyň Soçä 7-nji fewralda ugraýandygy we “Halkara olimpiýa komitetiniň çakylygy bilen 22-nji Gyşky olimpiýa oýunlarynda hormatly myhman” boljakdygy barada türkmen metbugatynda habar berildi.

7-nji we 23 fewral aralygynda Soçide geçirilýän Gyşky olimpiýa oýunlaryna 90 golaý ýurduň sportçylarynyň gatnaşýandygy aýdylýar, bu ýurtlaryň hatarynda Türkmenistan
agzalmaýar.

Olimpiýa oýunlary resmi derejede anna güni agşam açylýar.
XS
SM
MD
LG