Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystana tok eksportyna sereder


Türkmenistanyň Owganystana berýän elektrik togunyň möçberini köpeltmek meselesine seretmäge taýýardygy barada 7-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatynda mälim edildi.

Türkmen hökümetine salgylanyp habar berilişine görä, Türkmenistan özüniň energiýa infrastrukturasyny giňeldip, geljekde Owganystanyň elektrik sistemasyna çatmak meselesine hem garamaga taýýar.

Türkmenistan elektrik toguny Owganystandan daşary ýene ençeme ýurda, şol sanda Türkiýä we Eýrana satýar.

Türkmenistan 2020-nji ýyla çenli elektrik toguny öndürýän pudaga 5 milliard dollar möçberde maýa ýatyrmagy planlaşdyrýar, diýip “Trend. Az” neşri habar berýär.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň welaýatlarynda elektrik togunyň kesilip durýandygyny barada Azatlyk Radiosyna habar berýärler.
XS
SM
MD
LG