Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pristanda dartgynlyk dowam edýär


Kosowanyň paýtagty Pristinada şenbe güni irden hem dartgynlylyk ýokary boldy.

Bir gün öň bu ýerde studentler uniwersitetiň rektorynyň işden çekilmegini talap edende, polisiýa olary dargytmak üçin göz ýaşardyjy gaz we burç erginini ulanana meňzeýär.

Çaknyşyklar anna güni, protestçiler Pristina uniwersitetiniň rektorynyň ofisine girmekçi bolanda döredi. Daş we gyzyl reňk zyňýan studentler tarapyndan azyndan bäş polisiýa ofiseriniň ýaralanandygy aýdylýar.

Polisiýa ofiserleriniň käbiriniň el-aýagynyň döwülendigi aýdylýar. 30-dan gowrak student tussag edildi. Studentler rektor Ibrahim Gaşiniň we birnäçe professoryň işden çekilmegini talap edip, iki hepde bäri demonstrasiýa geçirýärler.

Bu protest media ol professorlary galp internet žurnallarynda galplaşdyrylan ylmy işleri çap etmekde aýyplandan soň başlandy.
XS
SM
MD
LG