Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde onlarça müň adam protest bildirýär


Kiýew, Garaşsyzlyk meýdany. 9-njy fewral, 2014
Kiýew, Garaşsyzlyk meýdany. 9-njy fewral, 2014
Ýekşenbe güni onlarça müň adam Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasyna toplandy. Olar indi Ukrainada üç aýa golaýlan anti-hökümet protestlerini dowam etdirýärler.

Oppozisiýadaky syýasy partiýalar bu proteste 50 müň çemesi adamyň toplanandygyny aýtdylar.

Oppozisiýa lideri Witaliý Kliçko gyssagly syýasy reformalaryň geçirilmegine çagyrdy:

"[Prezident Wiktor Ýanukowiç] bize täze konstitusiýaly bolmak üçin ýarym ýyl gerek diýýär. Emma biziň halkymyz ýarym ýyl garaşmaz. Biz konstitusiýany häzir çalşyryp bileris. Ilki 2004-nji ýylyň konstitusiýasyna yza gitmeli we soňra täze konstitusiýanyň taslamasyny taýýarlamaly. Emma bu hem öz-özlüginde ýeterlik däl. Adamlar bir zady talap edýär, irki prezident saýlawlaryny geçirmeli."

Şeýle-de Kliçko prezident Witktor Ýanukowiçiň Garaşsyzlyk meýdanyna gelip, onuň iş başyndan çekilmegini, irki prezident we parlament saýlawlarynyň geçirilmegini talap edýän adamlar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny sorady.

Oppozisiýa lideri Arseniý Ýatsenýuk bolsa ýekşenbe güni protestçileriň talaplaryny gaýtalady:

"Täze konstitusiýa! Täze prezident! Täze hökümet! Täze ýurt! Bu biziň isleýän zadymyz we biz üstün çykarys. Ukraina şöhrat."

Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy ýekşenbe güni, hamala, terrorizm töwekgelliginiň ýokarydygyny duýdurdy. Bu gulluk özüniň terrorizme garşy bölümlerini halkara aýeroportlarynda, otly we awtobus stansiýalarynda ýerleşdirýändigini aýtdy. Şeýle-de ol hökümet binalarynyň basylyp alynmagynyň terrorizm hasaplanjagyny aýtdy.

Hökümete garşy protestçiler Garaşsyzlyk meýdançasynda barrikadalary gurdular we birnäçe hökümet binasyny eýelediler.

Geçen aý protestçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan zorlukly çaknyşyklarda azyndan üç adam öldürildi. Ýene bir adam bolsa hassahanadan alnyp gaçylandan soň, Kiýewiň daşyndan öli tapyldy.

Protestçiler ýekşenbe güni Ýanukowiçiň hökümetine garşy halkara sanksiýalarynyň girizilmegine çagyrdylar.

Şeýle-de ýekşenbe güni, onlarça adam merkezi Kiýewiň köçelerinde ýöriş edip, Orsýetiň iň esasy garaşsyz telekanalyna, ýapylmak haýbaty atylýan «Dožda» goldaw bildirdi.
XS
SM
MD
LG