Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisi Moskwa bilen gepleşiklere seredýär


Gürjüstanyň prezidenti Giorgi Margwelaşwili Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyndan gepleşiklere taýýarlyk bildirip aýdan sözlerine “çynlakaý” serediljekdigini mälim etdi.

Duşenbe güni Soçide Putine onuň Margwelaşwili bilen duşuşmak niýeti barada berilen sowala Orsýetiň prezidenti munuň Gürjüstanyň prezidentiniň islegine bagly boljagyny aýtdy we Soçidäki Olimpiýa oýunlarynyň gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berip biljekdigini belledi.

Margwelaşwiliniň duşenbe güni Tbiliside aýtmagyna görä, Gürjüstan Putiniň bu sözlerini Günbatarly partnýorlary bilen maslahat eder we gepleşikler “Gürjüstan bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklara” pozitiw itergi berip biljek ýagdaýynda geçiriler.

Tbilisi Moskwa bilen diplomatik gatnaşyklaryny 2008-nji ýylda bolan gysga wagtlyk uruşyň netijesinde Orsýetiň Gürjüstanyň separatistik regionlary bolan Abhaziýany we Günorta Osetiýany garaşsyz döwletler hökmünde ykrar edensoň kesipdi. Orsýet bu regionlaryň ikisinde-de öz goşunlaryny saklaýar, Gürjüstan Moskwanyň bu hereketine okkupasiýa hökmünde garaýar.
XS
SM
MD
LG