Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: 65 söweşiji türmeden boşadyldy


Owganystanyň resmileri Kabulyň golaýynda ýerleşýän we öň ABŞ-nyň garamagynda bolan türmeden amerikan tarapynyň garşylygyna garamazdan 65 söweşijiniň penşenbe güni boşadylandygyny aýtdylar.

ABŞ bu adamlary “howply” söweşijiler, diýip atlandyrýar we olaryň owgan harbylaryny öldürmek üçin ýene-de söweş meýdanyna dolanmagynyň ähtimaldygyny aýdýar. ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasy penşenbe güni ýaýradan beýannamasynda owgan hökümetiniň karyny “örän gynandyryjy” diýip atlandyrdy.

Prezident Hamid Karzaý tussaglary boşatmak kararyny olaryň günäsine ýeterlik subutnamalaryň ýokdugy bilen düşündirdi. Karzaýyň bu karary Waşingtonyň we Kabulyň arasyndaky dartgynlylygyň güýçlenmegine sebäp bolýar.

Owganystandaky halkara goşunlary şu ýylyň aýagyna çenli ýurtdan çekilýärler.
XS
SM
MD
LG