Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Walentin güni hüjüm astynda


Mukaddes Walentin güni Özbegistanda hüjüm astynda. Ýurduň birnäçe uniwersitetlerinde studentlerden olaryň anna güni Walentin gününi bellemejegi barada dil hatyny ýazmak soraldy.

Daşkentli yslam dinçileriniň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, anna namazynyň dowamynda hem Walentin gününe garşy wagyz ediler. Resmiler tutuş dünýäde bellenýän bu baýramçylygyň özbekleriň milli däp-dessurlaryna we aň-düşünjesine ters gelýändigini aýdýarlar.

AÝ/AR-nyň Daşkentdäki habarçylary dünýäniň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly Özbegistanda-da ýaşlar öz söýgülilerine sowgat satyn alýarka gülüň, şokolad süýjileriň, atyrlaryň bahasynyň gymmatlandygy barada habar berdiler.
Özbegistanyň häkimiýetleriniň çäklendirmelerine garamazdan Mukaddes Walentin gününiň meşhurlygy ýaşlarynyň araynda barha artýar.

Gyrgyzystanyň günortasynda ýerleşýän Oş regionynda bilim resmileri mekdeplerde Walentin gününe gadagançylyk girizdiler. Olar şeýle “baýramçylyk ýaşlaryň psihiki saglygyna zyýanly” diýip hasap edýärler.
XS
SM
MD
LG