Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: Dollaryň alyş-çalyşy togtadyldy


Täjigistanyň paýtagty Duşenbede pul çalyşýan nokatlar amerikan dollarynyň alyş-çalyş operasiýalaryny togtady. Täjigistanyň milli puly somoni sişenbe gününden bäri öz hümmetini 3% ýitirdi. Hepdäniň başynda Täjigistanyň milli puly bir amerikan dollaryna gatnaşykda 4.8 somoni derejesinde durýardy.

Pul çalyşýan nokatlaryň işgärleriniň anna güni AÝ/AR-na aýtmagyna görä, milli puluň häzirki bahasy 1 amerikan dollaryna 5 somoniden aşypdyr.

Täjigistanyň Milli banky ýurtdaky ýagdaýyň Gazagystanda sişenbe güni teňňäniň 19% çenli hümmetsizlenmegi bilen bagly däldigini anna güni aýtdy.

Gyrgyzystanyň resmileriniň penşenbe güni aýtmaklaryna görä, goňşy Gazagystanda milli puluň hümmetiniň peselmegi bilen bagly ýagdaýyň ýüze çykmagy Gyrgyzystanyň milli bankyny ýurduň maliýe ýagdaýyny durnukly saklamak üçin 27 million dollar möçberde pul ýatyrmak ugrunda çäre görmäge mejbur edipdir.

Anna güni Gyrgyzystanyň ykdysadyýet ministri Temir Sariýew gyrgyz hökümetiniň ýurduň milli puly somy uzak wagtlap durnukly saklamaga ukyply däldigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG