Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wena: Türkmen syýasy tussaglarynyň ykbalyna garaldy


Wenada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament assambleýasynyň gyşky sessiýasynda postsowet döwletleriniň ençemesinde adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn edildi.

Türkmenistanda geçen ýylyň dekabr aýynda bolan parlament saýlawlaryna ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň resmi toparynyň eden gözegçiliginiň netijeleri barada hasabat berildi. “Saýlawlara umuman demokratik prosese tarap ädilen ädim hökmünde baha berildi, şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanda söz, media azatlygy, ýygnanyşmak hukugy we din azatlygy ýaly meselelerde edilmeli işleriň gaty köpdügi hem aýdyldy. Umuman dialogyň başlanmagynyň möhümdigine üns berildi”, diýip AÝ/AR-nyň Türkmen gullugynyň başlygy M.Tahir Wenadan habar berdi.

Anna güni ÝHHG-niň binasynda emma resmi maslahatdan özbaşdak graždan jemgyýetçiliginiň guramalary tarapyndan geçirilen ýygnakda Türkmenistanda syýasy tussaglaryň ykbaly meselesine garaldy.

ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň anna güni Wenada geçirilen sessiýasynda Ukrainada syýasy krizis bilen bagly adam hukuklarynyň ýagdaýy maslahat edildi, şeýle-de azerbaýjanly, belarusly, gazagystanly we türkiýeli graždan aktiwistleriniň tankydy çykyşlary diňledi.
XS
SM
MD
LG