Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Oş: Terrorçy diýilýän topar tussag edildi


Gyrgyzystanyň Oş regionynda terrorçy diýilýän toparyň alty agzasy tussag edildi.

Duşenbe güni Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti agzalan toparyň käbir agzalarynyň Siriýada terrorçy halkara guramalarynyň lagerlerinde taýýarlyk görendigini aýtdy. Bu resmi maglumatda gözegçilik astyna alnan adamlaryň “Oşda we Bişkekde terrorçy hüjümleri amala aşyrmak üçin ýarag we ýörite gurallary edinmäge” synanyşandygy barada habar berildi.

Oşyň şäher polisiýasynyň derňewçileri birnäçe maddalar boýunça, şol sanda hüjüm etmek boýunça dildüwşük gurnamak, terrorçylygy aklamak, jenaýat toparyny döretmek, bikanun ýarag we partlaýjy serişdeleri hem ekstremistik maglumatlary ulanmak ýaly aýyplamalaryň esasynda jenaýat işini gozgadylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG