Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain oppozisiýasy Berline sapar edýär


Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň duşenbe güni Ukrainanyň iki oppozision lideri bilen duşuşyp, ýurtdaky syýasy krizisy maslahat etmegine garaşylýar.

Arseniý Ýatsenýuk Witaliý Kliçko bilen bilelikde Berline syýahat edip, maliýe kömegini soramak niýetini mälim etdi. Ýekşenbe güni Kiýewde müňlerçe tarapdarynyň öňünde çykyş edip Ýatsenýuk “Ýewropanyň bize teklip edýän ykdysady ýardamy barada takyk aýtmagyny isleýäris” diýdi. Şeýle-de ol Ukrainanyň raýatlary üçin Ýewropa wizasyz syýahat etmek mümkinçiliginiň döredilmegi barada gepleşik geçirjegini habar berdi.

Ukrainada üç aýa golaý wagt bäri dowam edýän hökümete garşy protestlerde çykyş edýänler prezident Wiktor Ýanukowiçiň wezipesinden çekilmegini talap edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG