Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haly sektoryna näme boldy?


Adamlar ýük ulagynyň üstüne halylary we prezident G.Berdimuhamedowyň portretini ýükleýärler.
Adamlar ýük ulagynyň üstüne halylary we prezident G.Berdimuhamedowyň portretini ýükleýärler.
Haly, türkmeniň iň gadymdan gelýän el sungaty we esasy girdeji çeşmelerinden biri hökmünde tanalýar. Emma döwür bilen bilelikde döwrüň talaplary hem üýtgedi.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň eksport edýän önümleriniň hatarynda halynyň orny o diýen ýokarda däl, şol bir wagtyň özünde-de türkmeniň gyzyl halylarynyň döwrüň bazar talabyny ödemeýändigini aýdýan söwdegärler hem bar.
Owganystanda we Pakistanda dokalýan türkmen halylary döwrüň talabyna uýgunlaşdyrylan hem bolsa, olar daşary ýurtlara türkmeniň adyndan däl, käbir kanuny we ykdysady sebäplere görä, Pakistanyň adyndan eksport edilýär. Eýranda hem türkmen halysynyň özüne mahsus bir meselesi bar.
Netijede, häzirki döwürde halkara bazarlarynda türkmen halylary bilen deňeşdirlende, Eýranda we Hindistanda ýörite enjamlarda dokalan halylaryň barha meşhurlyga eýe bolup barýandygy aýdylýar. Eýsem, türkmen haly sektoryna näme boldy? Gepleşigimiziň nobatdaky tapgyrynda, şu temadan gürrüň ederis.
Eger bu temadan siz hem öz pikiriňizi aýtmakçy bolsaňyz, öz pikiriňizi aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz. Eger programmamyza gatnaşyp öz pikiriňizi aýtmakçy bolsaňyz, bize hat ýazyň, özümiz siziň bilen habarlaşarys. Adresimiz: hat@azatradio.org
XS
SM
MD
LG