Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Protestçiler basyşy güýçlendirýär


Hökümete garşy çykyş edýän protestçiler prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýet başyndaky partiýasynyň Kiýewdäki edara jaýyny eýelediler. Protestçiler sişenbe güni “Regionlar partiýasynyň” jaýyny basyp almakdan ozal oňa ýandyryjy serişdeler bilen hüjüm edip, aýnalaryny döwdüler.

Polisiýa parlamentiň jaýyna tarap ýöriş geçiren protestçilere garşy sesli we tüsseli granatalary hem rezin oklary ulandy. Parlamentiň jaýyna tarap ýöriş geçren müňlerçe protestçi Ýanukowiçiň ygtyýarlyklaryny çäklendirmek üçin reformalar boýunça ses berişlik geçirmegi talap etdiler.

Ýörişiň dowamynda oppozision lider Oleh Tyahnybok “adamlar häkimiýetiň çeşmesi hökmünde öz wekillerine basyş etmekçi we parlamentde zerur kararyň kabul edilmegini gazanmakçy” diýdi. Parlamentiň ýolbaşçysy sişenbe günki maslahatyň gün tertibinde oppozisiýanyň inisiatiwalaryna garamakdan boýun gaçyransoň oppozision deputatlar onuň münberini böwetlediler.

Oppozisiýanyň lideri Witaliý Kliçko Ýanukowiçi sişenbe günki çaknyşyklardan soň ýöriteleşdirilen polisiýany köçelerden aýyrmaga ündedi we oppozisiýanyň täze hökümeti düzmäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle-de Kliçko Ýanukowiçi wezipesinden çekilmäge we wagtyndan öň prezidentlik hem parlament saýlawlaryny geçirmäge ýene çagyrdy.
XS
SM
MD
LG