Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wena: Eýran bilen gepleşik başlandy


Wenada Eýranyň we dünýäniň iň täsirli alty döwletiniň arasynda Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça uzak möhletli ylalaşyk ugrunda gepleşikler başlandy.

Bu gepleşikler geçen ýylyň 24-nji noýabrynda gelnen wagtlaýyn ylalaşykdan soň geçirilýän ilkinji ýokary derejeli duşuşykdyr. Wagtlaýyn ylalaşykda Tähranyň ýadro ugrunda alyp barýan käbir işleriniň çäklendirmegi muňa derek käbir halkara sanksiýalarynyň gowşadylmagy göz öňünde tutulýar.

Duşenbe güni Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hamenei ýadro gepleşiklerde durmuşa ukyply ylalaşyga gelinjegine optimistik garamaýandygyny mälim etdi we prosesiň “hiç ýere eltmejegini” öňünden aýtdy.

Britaniýadan, Hytaýdan, Fransiýadan, Germaniýadan, Orsýetden we ABŞ-dan ýokary derejeli resmiler Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifyň we onuň orunbasary Abbas Arakçiniň ýolbaşçylygyndaky resmi topary bilen gepleşik geçirýärler. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katerine Aşton gepleşiklere syn edýär.
XS
SM
MD
LG