Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Dartgynlylyk saklanyp galýar


Kiýew: Binalar ot aldy
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:42 0:00

Kiýew: Binalar ot aldy

Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdanynda bir güne çeken gazaply çaknyşyklardan soň çarşenbe güni hökümete garşy protestçiler bilen polisiýanyň arasynda ýiti dartgynlylyk saklanyp galýar.

Resmileriň maglumatyna görä, sişenbe güni ýüze çykan gazaplylykda azyndan 25 adam, şol sanda dokuz polisiýa işgäri ölüpdir, şeýle-de iki tarapdan hem ýüzlerçe adam ýaralanypdyr.

Içeri işler ministrligi onunjy polisiýa işgäriniň hem çaknyşykda alan şikesleri zerarly aradan çykandygyny habar berdi. Öldürilenleriň arasynda ukrain žurnalisti hem bar.

Polisiýanyň we oppozisiýa wekilleriniň tassyklamagyna görä, heläk bolanlaryň aglabasy okdan ölüpdir.

Polisiýa Garaşsyzlyk meýdançasynyň üstünden gözegçiligi ele aljak bolup dyrjaşmasyny wagtlaýynça bes edensoň, çaknyşyklar togtady.

"Häkimýeti basyp almak"

Ukrainada indi üç aýa golaý wagt bäri hökümete garşy protestler dowam edýär. Hökümet sişenbe güni bolan çaknyşyklary häkimiýeti güýç bilen basyp almak synanyşygy diýip häsiýetlendirdi.

Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Seriý Arbuzon çarşenbe güni geçirilen mejlisde şeýle çykyş etdi: “Bu ne demokratiýa ugrundaky protest, ne-de syýasy bir hereket. Bu adamlaryň aňyny bulaşdyryp, häkimiýeti güýç bilen eýelemek synanyşygy boldy. Bular ýaly hereketler hiç haçan, hiç bir döwletde konflikti çözüp bilmändi. Bular diňe weýrançylyklaryň döremegine sebäp bolýar”.

Sişenbe güni prezident Wiktor Ýanukowiç telewideniýede eden çykyşynda oppozisiýa wekilleri öz tarapdarlaryna Garaşsyzlyk meýdanyna ýaragly gelmegi tabşyrdy diýlen çagyryşlary edip, çäkden çykandyklaryny belledi.

Prezident “jenaýatçy” diýip häsiýetlendiren adamlarynyň suda çekiljekdigini aýdyp, “konflikti togatmak üçin entegem giç däldigini” sözüne goşdy.

Oppozisiýa liderleri prezident Ýanukowiçi konflikti çözüp bilmezlikde aýypladylar.

Giçlik oppozisiýa liderleri bilen Ýanukowiçiň gepleşikleri netijesinde öňegidişligi gazanmak başartmansoň, Witaliý Kliçko protestçilere ýüzlenip, olary Garaşsyzlyk meýdanynda galmaga çagyrdy.

Ukrainadaky häzirki dowam edýän hökümete garşy protestler geçen noýabrda prezident Ýanukowiç Orsýetden 15 milliard dollar möçberinde karz pul alyp, Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyndan ýüz öwrenden soň tutaşypdy.

XS
SM
MD
LG