Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ukraina garşy sanksiýalara “şantaž” diýýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň ukrain resmilerine garşy sanksiýalaryny we şeýle çäreleriň ÝB tarapyndan girizilmeginiň ähtimaldygyny “şantaž” diýip atlandyrdy.

Penşenbe güni Bagdada eden saparynyň dowamynda Lawrow ukrainaly “esktremistler we berk syýasatyň tarapdarlary” graždan urşuny tutaşdyrmaga synanyşýarlar diýdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Aleksandr Lukaşewiç sanksiýalary girizmek barada edilýän duýduryşlaryň ýol berilmesiz bir hereketdigini aýtdy we munuň hökümetiň hem garşydaşlaryň arasyndaky gapma-garşylyklary hasam tutaşdyryp biljekdigini belledi.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew penşenbe güni eden çykyşynda Kiýewe 15 milliard dollarlyk maliýe kömegini hödürlän Moskwanyň Ukrainada hökümetiniň “aýak asty” bolman berk bolmagyny isleýändigini nygtady. Penşenbe güni premýer-ministriň orunbasary Dmitriý Rogozin Ukraina sapar eder.
XS
SM
MD
LG