Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Merker”: Aşgabat ýaşaýyş üçin hili pes şäherleriň arasynda


"Merkeriň" ýaşaýyşyň hili boýunça hasabaty
"Merkeriň" ýaşaýyşyň hili boýunça hasabaty
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat dünýäde ýaşaýyş üçin iň pes hilli şäherleriň hatarynda agzalýar. ABŞ-nyň “Merker” guramasynyň 2014-nji ýyl boýunça çap eden hasabatynda Türkmenistana Aziýa regionynyň çäginde garalýar. Aşgabat hasabat boýunça 206-njy ýerde, region boýunça bolsa ýaşaýyş üçin iň pes hilli bäş şäheriň arasynda üçünji ýeri eýeleýär.

Türkmenistanyň paýtagty bilen bir toparyň çäginde baha berlen bäş şäheriň arasynda ýaşaýyş üçin iň pes hilli diýlip Täjigistanyň paýtagty Duşenbe görkezilýär, ikinji ýerde Bangladeşiň paýtagty Dakka, ondan soň Aşgabat görkezilýär. Aziýa regiony boýunça ýaşaýyş üçin iň ýokary hilli diýlip agzalýan bäş şäherden birinjisi Singapur, galanlary-da Ýaponiýanyň paýtagty Tokio we bu ýurduň ýene-de üç sany beýleki şäherleridir.

“Merker” guramasynyň hasabatynda 2014-nji ýyl boýunça dünýäde ýaşaýyş üçin iň ýokary hilli şäheriň Awstriýanyň paýtagty Wenadygy aýdylýar. Yragyň paýtagty Bagdadyň bolsa dünýä boýunça ýaşaýyş üçin iň pes hilli şäherdigi bellenilýär.

Bahalar nämeden ugur alýar?

“Merker” guramasynyň şäherleriň durmuş derejesine berýän bahalary 39 faktora esaslanylýar we 10 kategoriýa bölünýär.

Hasabatda şäherlere baha berlende, syýasy we sosial şertlerden ugur alynýar we netijeler syýasy durnuklylygyň, jenaýatçylygyň we kanunlaryň goralyş derejesine esaslanylýar. Ykdysady şertlere baha berlende, pul çalşygynyň düzgünlerine we bank hyzmatlarynyň hiline üns berilýär. Şäherleriň sosial-medeni şertlerine baha berlende, olardaky köpçülikleýin habar serişdeleriniň elýeterliligi, senzuranyň barlygy-ýoklugy we hususy azatlygyň çäklendirilýändigi ýa-da çäklendirilmeýändigi ýaly faktorlardan ugur alynýar.

“Merkeriň” hasabatynda mundan başga-da medisina we saglygy saklaýyş hyzmatlarynyň hiline, ýagny şäherde keselçilik derejesine, mekdepleriň we bilim taýdan halkara mekdepleriniň elýeterliligine, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň we transport hyzmatynyň hiline, elektrik togy we suw bilen üpjünçiligiň derejesine, jemgyýetçilik transportynyň işleýşine we ýol hereketiniň ýagdaýyna syn edilýär.

Dynç alyş üçin şertlere-de, ýagny restoranlaryň elýeterliligi we hili, alyjylar üçin dürli hyzmatlaryň derejesinea, meselem, kireýine jaý almak mümkinçiliklerine we bu hyzmatyň hiline, galyberse-de, tebigy şertlere görä şäherleriň ýaşaýyş üçin amatlylygynyň hiline baha berilýär.

“Merker” guramasy şäherlere berilýan bahalaryň ählisinde daşary ýurtlylar üçin ähmiýetli bolan faktorlary göz öňünde tutýar.

“Merker” guramasy dünýä boýunça 460 şäheriň dumuş derejesi boýunça ýyllyk hasabatlaryny taýýarlap gelýär. Soňky hasabatda jemi 223 şähere berlen synyň 2013-nji ýylyň sentýabr we noýabr aýlarynda toplanan maglumatlara esaslanýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG