Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda redaktor tussag edildi


Eýran häkimiýetleri penşenbe güni täze işe başlan reformaçy gazeti gadagan etdiler, onuň dolandyryjy redaktory bolsa, yslamyň öwezini doldurmak baradaky kanunyny adamkärçiliksiz diýip suratlandyrandygy üçin tussag edildi.

Tährandaky sud «Aseman» gazetini yslam ýörelgelerini bozmakda we dini mukaddeslikleri masgaralamakda aýyplady.

Ozalky hepdelik žurnal «Aseman» häzirki görnüşinde diňe alty sanyny çap edip ýetişdi. Onuň redaktory bolsa suda çagyrylyp, soňra Ewin türmesine ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG