Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Somali: Prezident köşgüne hüjüm edildi


Jeňçiler janyndan geçen bombaçynyň guşaklaryny guşanyp, tüpeň we granat bilen ýaraglanyp, Somaliniň paýtagty Mogadişidäki prezident köşgüne hüjüm etdiler.

Emma prezident aman gutuldy. Polisiýa anna güni edilen hüjümiň ulag bombasynyň ýarylmagyndan, goragçylar ot açanlaryndan soň soweşijileriň köşge girjek bolup synanyşmagyndan başlanandygyny aýdýar.

Ýaradar bolanlaryň we ölenleriň sany belli däl. BMG-niň Somalidäki wekili Nik Keý Twitterde prezident Hassan Şeýh Mohammadyň jaň edip, özüne hiç zat bolmandygyny aýdandygyny habar berdi.

Şeýle-de prezident öz Somalidäki willasyna edilen hüjümiň başa barmandygyny aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG