Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Sport başlygyna käýelýär


TDH 21-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Soprt baradaky döwlet komitetiniň işinden örän nägile bolandygyny ýazýar.

Prezident Berdimuhamedow sport mekdepleriniň talaba laýyk işlemeýändigini, olaryň käbirinde sport enjamlarynyň ýetmezçilik edýändigini, şeýle-de olarda başga kemçilikleriň hem az däldigini belledi.

«Ýöne esasy zat, bu sport mekdepleriniň köpüsinde mugallymlar, ýokary taýýarlykly hünärmenler ýetmezçilik edýär. Hünärmenler ýeterlik bolmasa, onda ýaş türgenleri taýýarlamak meselesiniň üstünlikli çözülmejekdigi hemmeler üçin düşnüklidir» diýip, prezident aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Orazowa işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etmek bilen, eger bu kemçilikler gysga wagtda düzedilmese, ony işden boşatjagyny hem duýdurdy.
XS
SM
MD
LG