Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: deputatlar dymyşlyk etdi


Gürjüstanly deputatlar Kiýewdäki çaknyşyklarda wepat bolan onlarça adamyň hormatyna dymyşlyk yglan etdiler.

Bu dymyşlyk ýurduň prezidentiniň parlamentde ýyllyk ýüzlenmesi bilen çykyş edýän wagtyna gabat geldi.

Prezident Giorgiý Margwelaşwili anna güni söz sözlände, stollarynda ukrain baýdagyny goýan deputatlara ýüzlenip, ukrain häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň garşysyna ýarag ulanmak bilen, geçmesiz çäkden aňryk geçendiklerini aýtdy.

Şeýle-de Margwelaşwili ýewropa liderleriniň ýaraşyk prosesine goşulmagynyň syýasy ylalaşyk gazanylmagynyň peýdasyna boljagyny belledi.

Gürjüstan Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa şertnamasyna awgust aýynda gol çekmekçi bolýar.
XS
SM
MD
LG