Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakly jeňçiler söweş dikuçaryny ýykdylar


Jeňçiler şenbe güni Yragyň goşun dikuçarany urup ýykdylar.

Hökümet güýçleri bilen sünni yslamçylarynyň arasyndaky söweşde Anbar welaýaty gysga wagt jeňçileriň eline geçdi. Bu söweşde anna gününden bäri azyndan 25 adam öldürildi.

Häkimiýetler Karma şäheriniň üstünde urlan dikuçaryň dört ekipaž agzasynyň ählisiniň ölendigini aýdýarlar.

Anna güni agşam onlarça jeňçi al-Sainia şäherine «SUV» awtoulaglaryny sürüp gelip, ýerli polisiýa edarasyny bombalady. Birnäçe sagada çeken söweşden soň, jeňçiler şenbe güni irden çykyp gidýänçäler, şäherde Yragyň Yslam döwleti diýilýäniň gara baýdagyny galdyrdylar.

Şenbe güni Anbar welaýatynyň paýtagty Ramadi şäherinde hem agyr söweşleriň bolandygy aýdyldy.
XS
SM
MD
LG