Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Walş: "Gatnaşyk geljekde hem dowam eder"


ÝHHG-nyň PA delegasiýasynyň başlygy J.Walş (sagda) Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy O.Nyýazlyýew bilen, 14-nji dekabr, Aşgabat.
ÝHHG-nyň PA delegasiýasynyň başlygy J.Walş (sagda) Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy O.Nyýazlyýew bilen, 14-nji dekabr, Aşgabat.
Geçen hepde Wenada ÝHHG-nyň Parlament assambleýasynyň gyşky sessiýasy bolup, onda Türkmenistanda 2013-nji ýylyň dekabrynda geçirilen parlament saýlawlary barada hem käbir maglumatlar berildi.

Mälim bolşy ýaly, ÝHHG-nyň Parlament assambelýasy Türkmenistanda ilkinji gezek iki partiýanyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilýän parlament saýlawlaryna doly gözegçilik missiýasy bolmadyk bir delegasiýa iberipdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň müdiri Muhammad Tahir Wenada şol delegasiýanyň buştutany, irlandiýaly senator Jeýms Walş bilen onuň Türkmenistana sapary barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz dünýä ýüzünde köp saýlaw synçysy missiýalarynda bolduňyz. Eýsem Türkmenistanda gören saýlawlaryňyzyň geçirilişi bilen şoňa çalymdaş beýleki ýurtlarda geçirilen saýlawlaryň arasynda nähili tapawut ýa üýtgeşiklik bar?

Jeýms Walş: Türkmenistanda meni bir zat, hakykatda birnäçe zat haýran galdyrdy. Birinjisi, olar örän gowy taýýarlanan bolup görünýär. Saýlaw budkalary örän gowy edilen, ses berýän adamlar üçin kän amatlylyk döredilen, ýagny olar ýapyk ses beriş budkalarynda ses berýärler.

Emma ses berýän adamlar örän azdy we men muňa gaty haýran galdym. Belki-de bu, gün ahyrynda saýlawlara gatnaşygyň örän ýokary bolandygynyň yglan edilmegine garamazdan, wajyp bir faktordyr. Sebäbi biz ol ýerde öz baryp gören saýlaw stansiýalarymyzyň hiç birinde beýle bir kän işjeňlik görmedik.

Kärdeşlerimiň biri uniwersitetdäki saýlaw stansiýasynda ir bilen studentleriň, ýaş adamlaryň saýlawa köp bolup gelendiklerini aýtdy.

Meniň pikirimçe, hatda demokratik ýurtlarda hem raýatlaryň prosese goşulmagyny, gatnaşygyny gazanmak, üpjün etmek zerurlygy bar. Bu hemme ýerde uly synag, Türkmenistanda bolsa has uly synag bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Belki-de siz saýlawdan soň türkmen häkimiýetleri bilen duşuşyp, öz gören, şaýat bolan zatlaryňyz barada gürrüň edensiňiz. Haçanda siz «saýlawlara 85-90 prosent gatnaşyk boldy» diýýärsiňiz, emma biz ol ýerde sanlyja saýlawçy gördük» diýen soragy bereniňizde, olar nähili düşündiriş berdiler?

Jeýms Walş: Ozaly bilen, biz bu soragy hakykatda ilki saýlaw uçastoklarynyň özünde berdik. Olaryň köpüsinde adamlaryň ir säher gelip, köplük bolup ses berendigini aýtdylar. Haçanda biz bu soragy häkimiýetlere berenimizde, olar bu aýratyn alnan meseläni barlaman, derňew geçirmän bir zat aýdyp bilmejekdiklerini aýtdylar.

Meniň pikirimçe, biz bir delegasiýa hökmünde Türkmenistanyň bir prosesiň içinden barýandygyny ykrar etdik: bu berk, merkezleşdirilen we kontrolluk edilen sistemadan demokratiýa barýan prosesiň başlangyç pursatlary. Elbetde, olaryň muny etmegi üçin birnäçe çäre görmegi, ädim ätmegi gerek bolar.

Ýöne men biziň özara pikir alyşmalarymyzda göz ýetiren zatlarymyz barada hem aýtmalymykam diýýärin. Biz örän konstruktiw bolduk, olar biziň bilen gürrüň edenlerinde örän açyk boldular. Biz parlament deputatlary bilenem, dürli partiýalaryň wekilleri bilenem duşuşdyk.

ÝHHG PA-nyň delegasiýasy Türkmen parlamenitiniň agzalary bilen, 14-nji dekabr, 2013. Aşgabat.
ÝHHG PA-nyň delegasiýasy Türkmen parlamenitiniň agzalary bilen, 14-nji dekabr, 2013. Aşgabat.

Bu olaryň bir partiýaly sistemadan iki partiýaly sistema geçýän ilkinji saýlawlarydy. Onsoň şu hili gatnaşyk gurulmagy maňa olaryň ÝHHG, ÝHHG-nyň Parlament assambleýasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etjegine ynam berdi. Men bu olara öňde ýatan çarkandak ýollary geçmekde peýdaly bolar diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Bular siziň kärdeşiňiziň Parlament assambleýasynyň duşuşygynda okan beýanatynyň bir bölegi, emma men onuň gürleýşini örän sypaýyçylykly, ýagny gaty ýumşak gördüm. Sizem öz Türkmenistanda gören zatlaryňyz barada örän sypaýyçylykly, ýumşak gürrüň edýärsiňiz. Şol bir wagtda siziň suratlandyrmalaryňyzdan Türkmenistanda geçen saýlawlaryň ÝHHG-nyň standartlaryna laýyk däldigi belli bolýar. Siz şu ýumşaklygyň, aşa sypaýyçylygyň arkasynda ýatan sebäpleri düşündirip bilmezmisiňiz?

Jeýms Walş: Biz ol ýerde bolanymyzda, hemme zatdan öňürti, olaryň gözegçi missiýany çagyrmak babatda ähmiýetli bir ädim ädendigini duýduk. Bu biziň pikirimiz. Biz özümiziň barmak islän saýlaw uçastoklarymyza, adamlaryň ses berýän ýerlerine baryp bildik. Men bu olaryň äden saldamly bir ädimi diýip pikir edýärin. Men bu olaryň şu ýoldan gitmekligi niýet edinendigini, şony saýlap alandygyny aňladýar diýip hasaplaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Siziň ol ýerde haýsam bolsa bir görnüşde bolmagyňyz ol ýerdäki prosese belli bir derejede kanunylyk berýär. Eger-de ol ýerde saýlaw meselesinde şaýat bolan kemçilikleriňizi nazara alsak, aslynda Türkmenistana gideniňe bir degýärmidi?

Jeýms Walş: Men ol ýere gidenimize degdi diýip pikir edýärin. Meniň berk ynanjyma görä, özara gatnaşyk, baryş-gelip geljekde hem dowam etmeli. Eger-de olaryň nukdaý nazaryndan garasak, bu olaryň öz derejelerinde kabul edilen karar.

Ýagny olar ÝHHG-ny we onuň guramalaryny öz saýlawlaryna çagyrmak kararyna geldiler. Biz olaryň çakylygyny kabul etdik. Olar biziň ol ýerde gören meselelerimizden habarly, biz olara muny aýtdyk. Saýlawlardan soň doly ýazgarmak bilen bir zat gazanyp bolarmy ýa-da diňe faktlary görkezmek arkaly?

Meniň pikirimçe, bu bir ilkinji pursat, ýagny bize şeýle çakylyk geldi we biz ony ol ýerde emele gelýän açylyş hökmünde kabul etdik. Onsoň olara diňe faktlary görkezmek iň gowy çemeleşme bolup durýar.

Eger-de biz ol ýere ikinji, üçünji gezek hem gitsek, ilerlemeleriň sebäplerini görkezmek bilen, has başgaça hasabat çap ederis. Onsoň olar biziň nämä garaşýandygymyzdan, näme gözleýändigimizden habarly bolarlar.

Biz bu Türkmenistanyň içindäki toparlary reforma etmäge kömekleşmekde, olar bilen işleşmekde has netijeli çemeleşme bolar öýdýäris.
XS
SM
MD
LG