Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oş: Terrorçy diýilýän adam tussag edildi


“Özbegistanyň yslam hereketi” atly gadagan edilen toparyň agzasy diýilýan adam Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherinde tussag edildi.

Oşyň polisiýasynyň aýtmagyna görä, 32 ýaşly ýerli ýaşaýjy Oşyň aeroportundan Orsýete uçjak bolanda tussag edilipdir. Onuň ady ýaşyryn saklanýar.

Derňewçiler bu adamyň Pakistanda terrorçylaryň lagerinde türgenleşdirilendigini we birnäçe wagtlap Türkiýede ýaşandygyny adýarlar. Ol Gyrgyzystanda terrorçylykly hereketleri planlaşdyrmakda we Siriýada yslamçy söweşijileriň hataryna goşulmaga ündemekde aýyplanýar.

Geçen hepdede Oşyň kanuny goraýjy ofiserleri terrorçy hereketlere agza bolmakda güman edilýän alty adamy tussag etdiler we olary ýerli resmilere hüjüm etmek üçin dildüwişikde, köpçülikde terrorçylyga ündemekde we ýarag, partlaýjy serişdeleri hem gadagan edilen edebiýaty saklamakda aýypladylar.
XS
SM
MD
LG